Russiýaly meşhur futbolçy karýerasyny taşlady

SalamNews

15 Fewral, 2023

Russiýaly meşhur futbolçy Ýuriý Žirkow özüniň professional karýerasyny tamamlandygyny habar berdi.

39 ýaşyndaky futbolçynyň soňky kluby «Himki» bolupdy. Ýurduň Tambow şäherinde dünýä inen Žirkow karýerasyna ýerli «Spartak» klubunda başlaýar. Soňlugy bilen, ol Moskwanyň SSKA, Angliýanyň «Çelsi», şol sanda «Anži», «Dinamo Moskwa» hem-de «Zenit» klublarynyň köýnekçesini geýýär.

SSKA-nyň düzüminde UEFA Kubogyny gazanan çep gyraky oýunçy «Çelsi» bilenem «Premier Ligada» çempion bolýar, Angliýanyň Kubogyny hem-de Angliýanyň Super Kubogyny eýeleýär. Žirkow umumylykda karýerasy boýunça 21 kubok gazanýar. Russiýanyň milli ýygyndysynda 105 oýunda meýdança çykyp, şolarda 2 gol geçirýär. Ol 2008-nji ýylda EURO — 2008-de bürünç medal gazanan Russiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edipdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews