Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çykarylan ýadygärlik markalary Bütindünýä poçta bileleşiginiň muzeýinde goýuldy

SalamNews

Gündogaryň beýik akyldary, görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda çykarylan ýadygärlik markalaryň nusgalary Bütindünýä poçta bileleşiginiň (UPU) baş müdiri Masahiko Metokä gowşuryldy.

UPU-nyň kararyna laýyklykda, görkezilen marka nusgalary Bern şäherindäki Bütindünýä poçta bileleşiginiň muzeýinde (Şweýsariýa konfederasiýasy) hemişelik ýerleşdiriler.

Mundan başga-da, bileleşigiň karary bilen, UPU-nyň ähli agza döwletlerine — dünýäniň 192 ýurduna ýubileý markalarynyň nusgalary iberildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews