«Mançester Ýunaýted» Çempionlar Ligasyna, «Liwerpul» Ýewropa Ligasyna gatnaşar

SalamNews

26 Maý, 2023

Angliýanyň çempionatynda 32-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygynda «Mançester Ýunaýted» öz meýdançasynda «Çelsini» kabul etdi. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýunda «Mançester Ýunaýted» 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Mankunianlara uly hasaply ýeňiş getiren gollary Kazemiro (6), Marsial (45+5), Bruno Fernandeş (73 p) hem-de Markus Reşford (78) geçirdi. «Çelsiniň» ýeke-täk goluny-da 89-njy minutda Žoao Feliks öz adyna ýazdyrdy. Bu ýeňşiň netijesinde utugyny 72-ä ýetirip, 3-nji orna geçen «Mançester Ýunaýted» 1 ýyllyk arakesmeden soň UEFA Çempionlar Ligasyna wekilçilik eder.

«Mançester Ýunaýtediň» ýeňiş gazanmagy bilen az hem bolsa umydy bolan 5-nji ýerdäki «Liwerpul» toparynyň Çempionlar Ligasyna gatnaşmak mümkinçiligi galmady. 5-nji orunda galan «Liwerpul» 6 ýyldan soň Çempionlar Ligasyna gatnaşyp bilmez. «Liwerpul» germaniýaly tälimçisi Ýurgen Kloppuň tälimçiliginde ilkinji gezek Çempionlar Ligasynyň daşynda galdy. 2015/16 möwsüminiň dowam edýän wagtynda tälimçilige bellenen Klopp şol ýyl çempionaty 8-nji orunda tamamlap, UEFA-nyň 1-nji derejeli klub ýaryşyna gatnaşyp bilmändi. Şondan soň tälimçiniň doly möwsümde tälimçilik eden ýyllarynyň ählisinde Çempionlar Ligasyna gatnaşan «Liwerpul» 3 gezek finala çykyp, şolaryň birinde kubogy eýeledi. «Liwerpuldan» başga-da «Braýton» topary hem Ýewropa Ligasyna gatnaşar. «Braýton» topary 122 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň ýaryşlaryna wekilçilik eder.

«Premier Ligadan» Çempionlar Ligasyna 4 klub gatnaşyp, olaryň 4-si hem belli boldy. Çempion «Mançester Siti», şol sanda 6 ýyl soň dolanan «Arsenal», «Mançester Ýunaýted» we 21 ýyllyk arakesmesi tamamlanan «Nýukasl» toparlary Çempionlar Ligasyndaky iňlis klublary bolarlar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews