Italiýadaky şäherçä gyşda gün şöhlesiniň düşmegi üçin äpet aýna ulanylýar

SalamNews

17 Iýun, 2024

Italiýa bilen Şweýsariýanyň serhedindäki jülgede ýerleşýän şäherçe bolan Wiganella aýratyn mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Daglar bilen gurşalan şäherçe her ýylyň noýabr — fewral aýlarynda üç aýlap garaňkylyga sezewar bolýarlar.

Gün şöhlesiniň ýetmezçiligi ilatyň azalmagyna getirendigi üçin ýerli adamlaryň köp bölegi güneşli howa üçin çözgüt gözleýärler. Habarlara görä, şäherçäniň häkimi Franko Midali bu meselä batyrgaý çözgüt kabul etmek — gün şählesini almak üçin äpet aýna ulanmagy teklip edipdi.

Arhitektor Giakomo Bonzani bu meseläni öz jogapkärçiligine alyp, inžener Gianni Ferrari bilen ini sekiz metr, beýikligi bäş metr bolan aýna ýasady. 2006-njy ýylda gurlan aýna şöhläni her gün alty sagatlap şähere serpikdirýär.

Bu taslama göni gün şöhlesi ýaly täsirli bolmasa-da, şöhlelenýän ýagtylyk şäherçäniň meýdanyny gyzdyrýar we öýlere zerur tebigy yşygy berýär. Aýna diňe gyş aýlarynda ulanylýar, ýylyň galan böleginde bolsa ýapylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews