Läle Begnazarowa — milli sungatyň saýrak bilbili

Ogulnur PIRJIKOWA. «SalamNews».

16 Aprel, 2023

Her gezek onuň aýdymlaryny diňlänimde biygtyýar çagalygym göz öňüme gelýär. Çünki ol türkmen halk döredijiligine degişli hüwdileri bilen adygan, mahmal owazly bagşy, zehinli artist… Megerem, kim barada gürrüň edýänimi aňansyňyz! Hawa, ol Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa. Halypa bagşy bilen söhbetdeş bolmak üçin onuň iş ýerine bardyk. Çalaja ýaňlanýan şirin mukam, stoluň üstünde goýlan ter güller, göýä, bagşynyň näzikligini, tebigata bolan söýgüsini alamatlandyrýan ýalydy. Alçak, owadan ýylgyryşly zenan bizi güler ýüz bilen garşy aldy...

1975-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda dünýä inip, sungatyň azaply, irginsiz zähmeti talap edýän ýolunda 32 ýyla golaý wagt bäri bagşyçylyk edýän Läle Begnazarowa heniz üç ýaşyndaka SSSR-iň halk artisti Zeýnep Hanlarowanyň aýdymlaryna öýkünip, hiňlener eken. Aýdymy ykbalyna öwren bagşynyň ilkinji halypasy öz agasy Döwletgeldi Gurbanowdy. Läle Begnazarowa aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny-da ilkibaşda agasyndan öwrenipdir.

Mugallymlar maşgalasynda terbiýelenensoň, onuň iňlis dilini öwrenmäge höwesi güýçlüdi. Bu höwes gulpaklyja gyzjagaz wagty — Kaka etrabynyň Gozgan obasyndaky 6-njy orta mekdepde okaýarka «Ak pagtam» atly aýdym bilen ilkinji gezek sahna çykan Läläni Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň roman-german dilleri fakultetiniň iňlis dili hünärine okuwa getirýär. Ol talyplyk ýyllarynda aýdym-saz dünýäsine has çuňňur aralaşyp başlaýar. Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewden dutar çalmagyň inçe syrlaryny öwrenýär. Okuwy tamamlap, şol ýokary okuw mekdebinde mugallym bolup işe galsa-da, aýdym-sazdan üzňe ýaşap bilmedik ýaş zehin, iş wagtyndan daşgary institutdaky «Mukam» folklor toparyna ýolbaşçylyk edýär. Türkmen milli senedini dünýä ýaýmagy maksat edinen zehinli bagşy şol ýerde dutarçy gyzlardan düzülen «Mukam» topary bilen 1997-nji ýylda Pakistan Respublikasynyň Yslamabat şäherinde geçirilen «Lork-Virsa» festiwalyna gatnaşyp, baýrakly orna, 2002-nji ýylda ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda geçirilen «Silk-Road» festiwalynda 3-nji orna, 2009-njy ýylda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen «Şark-Tar onalary» atly festiwalda bolsa «Karkaraň aýdymy», «Selbinýaz», «Teşnit», «Balsaýat» halk aýdymlaryny ýerine ýetirip, Baş baýraga mynasyp bolýar.  Ol döwre buýsanjyny, Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine bolan hormat-sarpasyny şeýle beýan edýär:

«Ykbalymdan müňde bir razy. Dünýäniň ençeme ýurdunda, dürli ýyllarda GDA döwletlerinde hem-de ABŞ-da, Koreýada, Ýaponiýada, Germaniýada, Angliýada, Türkiýede, Italiýada, Estoniýada bolup, Garaşsyzlyk döwrüniň gazananlaryny, ýurdumyzyň ösüşlerini, estrada we türkmen milli halk aýdym-sazlarynyň üsti bilen taryplamak bagty nesip etdi. Şeýle bagt döwlet derejesinde sungata uly sarpa goýan Gahryman Arkadagly hem-de Arkadagly Serdarly ýurtda mümkin bolýan eken».

Dünýäniň ençeme sahnasyna halk aýdymlary bilen çykandygyny däl-de, halk aýdymlarynyň, milli sungatymyzyň özüni dünýä sahnalaryna çykarandygyny tekrarlaýan bagşy türkmen halk döredijiligine örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Munuň şeýledigini onuň şu sözlerinden-de aňmak mümkin:

«Dünýä döwletleriniň ählisiniň öz halk döredijiligi, milli aýdym-sazlary bar. Ýöne olaryň arasynda iň çylşyrymlysy türkmenleriňkimikä diýýän. Çünki biziň halk aýdym-sazlarymyzyň gaýnawy, çeküwi juda çylşyrymly bolup, bagşylardan köp zähmeti talap edýär». 

Ene-atasynyň arzuwlaryny wysal eden perzent, mukaddes maşgala ojagynyň eýesi, göreldeli ene, çeper elli, süýji dilli öý bikesi, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa iki perzendiň ejesi, iki agtygyň mamasy. Agtyklarynyň hoş owazyna guwanyp, ogly Begnazaryň aýdym-sazlarynyň şirinligine buýsanyp ýaşaýar. Ol Begnazar bilen türkmen, iňlis, rus dillerinde ençeme aýdymlary bilelikde ýerine ýetirýär. Oglunyň halkara žurnalistikasy hünärini saýlap alandygyna juda begenýändigini aýdyp, bu barada şeýle diýýär:

Žurnalistika — akylyýetiň bitewüleşýän ýeri. Çünki bu kär, şol bir wagtyň özünde, adamdan hemme kärdäki aýratynlyklary, başarnygy talap edýär. Žurnalist lukman bilen gürrüňdeş bolanda lukman, ykdysatçy bilen gürrüňdeş bolanda ykdysatçy, bagşy bilen gürrüňdeş bolanda bagşy bolmaly. Umuman, diýjek bolýan zadym, žurnalist garşysyndakydan has kän zady bilmeli. Oňa düşünmeli. Çünki ol ýazan wagty wakany ýüreginden geçirip ýazýar. Sebäbi diňe ýürekden çykan zatlar ýürege ýetýär.

Türkmen milli saz sungatynyň ägirtleri, meşhur Amangeldi Gönübegi, Magtymguly Garlyýewi, Nobat bagşyny, Çary Täçmämmedowy, Sahy Jepbarowy, Orazgeldi Ylýasowy we beýleki ençeme bagşy-sazandalary gaýybana diňläp, olaryň ýollaryny öwrenen L.Begnazarowa şondan bäri-de diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme ýurtlarynyň sahnalarynda belent äheňli aýdymlary bilen çykyş edýär .

Läle Begnazarowa indi ençeme ýyllardan bäri «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň «Altyn menzil» aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy hökmünde, ýaş bagşy-sazandalara sungatyň inçe syrlaryny öwredip, ýurdumyza gerekli, döwrümize mynasyp şägirtleri ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews