Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

SalamNews

1 Maý, 2023

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2023-2024-nji okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby bölümleriň esgerlerini, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary 19-njy maýda sagat 15:00-da geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwredilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we enjamlar bilen abzallaşdyrylan okuw otaglary, barlaghanalar, «Oguz han» innowasion toplumy, kitaphana, sport sagaldyş toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Köşi köçesiniň 100-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-16-12, 39-16-40.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews