Interaktiw ekranly täsin örtük sizi robota öwrer

SalamNews

17 Iýun, 2024

Ýüzüňi gizleýän, ýöne duýgularyňy aýdyň şekilde görkezip bilýän «Qudi Mask 2» enjamy birnäçe wagtdan bäri internet torlarynda giňden ýaýrady.

Hawa, «Qudi Mask 2»-niň suratlary we wideolary onlaýn nusgada ýaýradylýar. Bu enjam köpçülikde wagtyňyzy has gyzykly, öwüşginli, şol bir wagtyň özünde bolsa has täsirli geçirmek üçin döredildi.

«Qudi Mask 2»-niň ýüzüňizi doly ýapmagy üçin ony kelläňize geýmek maslahat berilýär. Onuň gözleri gaşlary we agzy görkezýän ekrany bar. Maska eýesiniň ýüz keşbine laýyklykda hereket edýär, şonuň üçin hem, «Qudi Mask 2»-niň eýesi sanly ýüzli hakyky gumanoid robotyna meňzeýär.

Enjam «hawa» diýip baş atmak , «ýok» diýen manyda baş ýaýkamak utanç ýa-da näbellilik duýgusyny aňladýan hereketleri şekile geçirip görkezýär. Çeşmä görä, bu örtük ​​30-dan gowrak dürli keýpiň alamatlaryny görkezip biler.

interaktiw maska ​​hakdaky ilkinji maglumatlar 2021-nji ýylda ýaýrap başlady. Soňra biraz «çigräk» bolsa-da, birinji nusga çykdy. Örtügiň bu nusgasynda içerki howa deşikleri bar, ol dumanyň bolmazlygy üçin howa çalşygyny üpjün edýär we aňsat dem almaga mümkinçilik berýär.

Örtükde reňk berýän yşyklary islegiňize görä saýlap bolýar. Örtügiň ekranynyň tutuklygyna garamazdan, eýesi daşaryny göwy görüp bilýär. Şeýle-de bolsa, enjamy öndürijiler ony gije ulanmazlygy we awtoulag sürülende geýmeli däldigini duýdurýär.

00:00 / NaN:NaN:NaN

480p

360p
480p

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews