Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty (magistr maksatnamasy)

SalamNews

15 Iyul, 2023

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 023/2024-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

1. Syýasy ylymlar we sebiti öwreniş (taýýarlygyň ugurlary: sanly diplomatiýa; gündogary öwreniş; seljeriş we strategik meýilleşdiriş).

2. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy).

3. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: halkara ykdysadyýet).

4. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy).

Okuwlar tölegli esasda türkmen dilinde alnyp barylýar.

Instituta taýýarlygyň:

— «Sanly diplomatiýa», «Seljeriş we strategik meýilleşdiriş» ugurlary boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasy ylymlar we sebiti öwreniş, taryh, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa çygrynda;

— «Gündogary öwreniş» ugry boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasy ylymlar we sebiti öwreniş, taryh, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa, gündogar dilleri we edebiýaty çygrynda;

— «Halkara hususy hukugy», «Halkara jemagat hukugy» ugurlary boýunça halkara hukugy, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, hukuk öwreniş çygrynda;

— «Halkara ykdysadyýet» ugry boýunça ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda;

— «Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy» ugry boýunça žurnalistika, halkara žurnalistikasy, internet žurnalistikasy çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň tassyklanan göçürmeleri ýa-da asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 8-9-y günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: sanly diplomatiýa, gündogary öwreniş; seljeriş we strategik meýilleşdiriş — halkara gatnaşyklaryň nazaryýeti, iňlis dili;

taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy — Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary, iňlis dili;

taýýarlygyň ugry: halkara ykdysadyýet — ykdysady nazaryýet, iňlis dili;

taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we

internet žurnalistikasy — žurnalistikanyň nazaryýetiniň esaslary, iňlis dili.

Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25, tel.: 22-68-50.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews