Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

SalamNews

15 Iyul, 2023

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Syýasy ylymlar we sebiti öwreniş (hünär: halkara gatnaşyklary we diplomatiýa).

2. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: halkara žurnalistikasy).

II Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: halkara ykdysady gatnaşyklar).

2. Hukuk işi (hünär: halkara hukugy).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Syýasy ylymlar we sebiti öwreniş (taýýarlygyň ugry: halkara gatnaşyklary).

2. Hukuk işi (taýýarlygyň ugry: halkara hukugy).

3. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: halkara ykdysadyýet).

4. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 5-i günleri.

Mary welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 5-i we 6-sy günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 8-i we 9-y günleri;

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler we taýýarlygyň ugurlary: halkara gatnaşyklary we diplomatiýa; halkara gatnaşyklary; halkara hukugy — iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty;

hünär we taýýarlygyň ugry: halkara ykdysady gatnaşyklar; halkara ykdysadyýet — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär we taýýarlygyň ugry: halkara žurnalistikasy; syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25, tel.: 22-68-50.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews