Ilkinji finalçy — Ispaniýanyň ýygyndysy

SalamNews

10 Iyul, 2024

3

Futbol boýunça Germaniýada dowam edýän ÝEWRO 2024-iň ilkinji finalçysy Ispaniýanyň ýygyndysy boldy. Ispanlar bu ugurda ýarym finalda Fransiýanyň ýygyndysyndan rüstem çykdylar. Mýunhen şäherindäki Allians Arenada oýnalan ýarym final duşuşygy çempionatyň iň çekeleşikli duşuşyklarynyň biri hökmünde hasaba alnyp, ilkinji 25 minutda 3 gol derwezä girizildi. Şol 3 gol hem ýeňijini kesgitläp, oýunda fransuzlar 9-njy minutda öňe saýlandylar.

Kilian Mbappeniň asist etmeginde topy Kolo Muani kellesi bilen süsüp, tora girizdi. Duşuşyga şowsuz başlan ispanlar tiz özlerini dürsäp, 21-nji minutda hasaby deňlediler. Çempionatyň taryhyndaky iň ýaş futbolçysy Lamin Ýamal owadan gol geçirip, ýene bir rekordyň eýesi boldy. Ol Ýewropa çempionatynda gol geçiren iň ýaş futbolçy hökmünde taryha girdi (16 ýaş 362 gün). Bu goldan bary-ýogy 4 minut soň ispanlar öňe geçmegi başardylar. Çärýek finalyň ýyldyzy Dani Olmo ispanlary öňe saýlan oýunçy boldy. 1-nji ýarym şol hasap bilen tamamlandy. 2-nji ýarymda toparlar, esasan hem fransuzlar hasaby deňlejek bolup jan aýaman göreşdiler. Ýöne skorborddaky hasap üýtgemedi we 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan Ispaniýanyň ýygyndysy ÝEWRO 2024-iň ilkinji finalçysy boldy.

Ispaniýanyň ýygyndysy 5-nji gezek finala çykyp, olar bu ugurda 6 sapar finalda oýnan nemeslerden soň 2-nji ýeri eýeleýärler. 1964-nji, 2008-nji hem-de 2012-nji ýyllarda çempion bolan Ispaniýanyň ýygyndysy 4-nji çempionlygyna ymtylýar we bu ugurda Germaniýadan öňe saýlanmak üçin uly mümkinçilige eýe boldy. 1984-nji ýyldaky finalda Fransiýadan asgyn gelen Ispaniýanyň ýygyndysy 14-nji iýuldaky finalda Niderlandlar – Angliýa duşuşygynyň ýeňijisi bolen duşuşar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews