Dünýäniň ilkinji agaçdan ýasalan emeli hemrasy älem giňişligine goýberiler

SalamNews

22 Fewral, 2024

Ýaponiýanyň Kyoto uniwersiteniniň alymlary «LignoSat» atly dünýäniň ilkinji agaç ýasalan emeli hemrasyny döretdiler.

Ol «LignoSat» Halkara kosmos merkeziniň 1 ýyllyk barlaglaryndan üstünlikli geçip, kosmos şertlerinde çydamlylygyny subut eden, uly bolmadyk Mongoliýanyň agaçlaryndan ýasalandyr.

Bu kosmiki enjamy oýlap tapyjylaryň esasy maksady ykdysady tygşytlylygy we ekologiýa durnuklylygy gazanmakdyr.

— Ähli emeli hemralar Ýere dolananlarynda ýanyp birnäçe himiki alýumin oksid bölejiklerini emele getirýärler, bular bolsa biziň howa gatlagymyzda birnäçe ýyllaryň dowamynda saklanyp, belli bir derejede öz zyýanyny ýetirýär. Bu bolsa Ýeriň ekologiýasynda näsazlyklaryň döremegine getirýär ― diýip, «LignoSat» oýlap tapyjylaryň biri, Kyoto uniwersitetiniň kosmonawty we inženeri Takao Doi belleýär.

«LignoSat» 2024-nji ýylyň tomsunda Halkara kosmos merkeziniň «Orbital Sciences Cygnus» ýa-da «SpaceX Dragon» howa gämilerinde Arş giňişligine çykarylar. Emeli hemra Ýeriň golaýynda temperatura, çyglylyga we radiasia baradaky maglumatlary toplap, 6 aý hereket etmegine garaşylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews