Ýaponiýa talyp hakly okuwlara çagyrýar

SalamNews

5 Maý, 2022

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnika ministrliginiň (MEXT) 2023-nji ýyl üçin okuw programmalary boýunça synaglaryň geçirilýändigini yglan etdi.

Programma 4 sany kategoriýany öz içine alýar. Olar:

  • «Derňew geçiriji talyp» (aspirantura);

  • «Talyp» (bakalawr);

  • «Ýöriteleşen kollejiň talyby»;

  • «Tehnologik kollejiň talyby».

Geliň, bular barada giňişleýin tanyş bolalyň!

«Derňew geçiriji talyp» (aspirantura)

Bu programma 1988-nji ýylyň 2-nji aprelinden soň doglan, umumybilim berýän orta mekdebi tamamlan, şol sanda şu okuw ýylynda tamamlaýan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Programma Ýaponiýada 6 aýyň içinde zerur dil öwrenişi öz içine alýar. Şondan soňra diňleýjiler saýlan hünäri boýunça aspiranturada okuwyna başlar. Bu maksatnama boýunça okuw 2 ýyl dowam edýär. Eger-de aspirant bu döwürde has ýokary bilim ojagyna girmegi başarsa, bu möhlet uzaldylyp bilner.

Bu programma gatnaşmak isleýänler resminamalaryny 2022-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna tabşyryp bilerler.

Synag şu ýylyň 12-nji iýunynda geçiriler.

Programma barada has giňişleýin maglumat üçin şu ýere basyň.

«Talyp» (bakalawr)

Bu programma 1998-nji ýylyň 2-nji aprelinden soň doglan, umumybilim berýän orta mekdebi tamamlan, şol sanda şu okuw ýylynda tamamlaýan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Maksatnama bir ýyllyk zerur dil öwreniş okuwyny öz içine alýar. Okuw möhleti 5 ýyl (lukmançylyk, stomatologiýa, weterinariýa we farmasewtika — 7 ýyl). Gatnaşyjylar bakalawr derejesini alanyndan soň, magistr, doktorlyk derejelerini almak üçin okuw möhletini uzaldyp bilerler.

Resminamalar 2022-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda tabşyrylýar.

Synag şu ýylyň 12-nji iýunynda geçiriler.

Giňişleýin maglumat okamak üçin şu ýere basyň.

«Ýöriteleşen kollejiň talyby»

Bu programma 1998-nji ýylyň 2-nji aprelinden soň doglan, umumybilim berýän orta mekdebi tamamlan, şol sanda şu okuw ýylynda tamamlaýan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bu maksatnama ýazylan şahslar tehnologiýa kollejlerinde tälim alarlar. Okuw möhleti 4 ýyl (ýapon dilinde zerur dil okuwynyň her ýylky kursuny goşmak bilen). Diňe söwda gämisi hünäriniň okuw möhleti 4 ýyl 6 aýa barabardyr.

Bu programmada aşakdaky ýedi hünärden birini saýlap bilersiňiz:

 — mehanika;

— elektrik, elektronika;

— maglumat we aragatnaşyk ulgamlary,

— materiallar,

— binagärlik,

— gurluşyk,

— söwda gämisi we başgalar.

Resminamalar 2022-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda tabşyrylýar.

Bu programma barada has giňişleýin maglumaty şu ýerden tapyp bilersiňiz.

«Tehnologik kollejiň talyby»

Bu programma 1998-nji ýylyň 2-nji aprelinden soň doglan, umumybilim berýän orta mekdebi tamamlan, şol sanda şu okuw ýylynda tamamlaýan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bu maksatnama ýazylan şahslaryň ýöriteleşdirilen okuw kollejlerindäki tälim okuw möhleti — 3 ýyl.

Bu maksatnamada aşakdaky 6 ugurdan birini saýlap bilersiňiz:

— senagat;

— gigiýena;

— bilim we ýaşaýyş üpjünçilik;

— söwda;

— egin-eşik, bezeg we öý ykdysadyýeti;

— medeniýet we bilim.

Synag şu ýylyň 12-nji iýunynda geçiriler.

Giňişleýin maglumat okamak üçin şu ýere basyň.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews