«Honor» kompaniýasy ilkinji eplenýän smartfonyny hödürledi

SalamNews

18 Iýun, 2024

Hytaýyň «Honor» kompaniýasy ilkinji eplenýän smartfonyny — «Honor Magic V Flip» atly tehnologiýasyny hödürledi. Ol meşhur «Samsung Galaxy Z Flip 5», «Oppo Find N3 Flip» we «Vivo X Flip» ýaly modelleri bilen bäsleşer. Täze önümi esaslandyryjy kompaniýa onuň öz synpynda iň uly daşarky ekrany — 120 Hz ýygylyk bilen 4 dýuým LTPO mümkinçiligi bilen tapawutlanýandygyny tassyklady. Diýmek, önümiň eplenen ýagdaýynda hem wideo görmek mümkinçiligi hödürlenýär.

Eplenýän telefon açylan halatynda 7,15 mm galyňlyga eýe bolýar, onuň ýapyk ýagdaýyndaky inçeligi bolsa bary-ýogy — 14,89 mm. Gapdal güýç düwmesinde barmak yzyny skaner edýän ulgam bar.

«Honor Magic V Flip» tehnologiýasynyň içki ekranynyň diagonaly 6,8 dýuým bolup, onuň durulygy 1,5K (2520 x 1080 piksel), görnüşleriň ýygylygy bopla 120 Hz. Önüm stereodinamikalar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Tehnologiýanyň aýratynlyklarynyň üstüni goşa kamera (50 we 12 megapiksel) ýetirip, öň kamera 50 megapiksel, «SoC Qualcomm Snapdragon 8+ Gen 1» mümkinçiligi, 12 Gb çenli RAM we 1 TB çenli ýady, 66 Wt energiýany 4800 mAh akkumulýatory, «Android 14» operasion ulgamyna esaslanýan «MagicOS 8» wezipesi smartfonyň iň ýokary derejä eýelik etmegini şertlendirýär.

Hytaýda eýýäm deslapky sargytlary kabul etmek işleri başlandy. Ýene sanlyja günden bolsa açyk satuw ýola goýlar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews