Alýaskanyň seýilgähinde dinozawryň aýak yzlary tapyldy

SalamNews

21 Awgust, 2023

Denali milli seýilgähinde işleýän amerikan paleontologlary köp sanly dinozawr aýak yzlary saklanan ýeri tapdylar. Hünärmenler bu ýeriň adyna «Kolizeý» adyny berdiler. Bu barada «Historical Biology» žurnalyna salgylanyp, «mir24» habar berýär.

Paleontologlaryň pikiriçe, takmynan 7500 inedördül metrlik meýdanda tapylan aýak yzlar 69,3 million ýyllyk hasaplanylýar. Bu bolsa dinozawrlaryň nesliniň ýok bolmagynyň öňündäki Kretase döwrüne gabat gelýär. Ol döwürlerde Alýaska has gyzgyn we ýumşakdy, şeýle-de bolsa ol ýerlerde kölleriň hem-de suw howdanlarynyň bolandygy çaklanylýar.

Alymlar tapylan yzlaryň ornitopodlar, keratopsidler we termopodlar ýaly dinozawrlaryň dürli görnüşlerine degişlidigini bellediler. Aýak yzlary wagtyň geçmegi bilen gatylaşan we soňra beýleki serişdeler bilen örtülen ýumşak palçykda saklandy. Bu ýagdaýlar müňlerçe ýyl bäri sebitdäki geologiki üýtgeşmeleriň täsiri astynda bolup geçipdir.

Bu ýerde dinozawr aýak yzlaryndan başga-da, gazylyp alynýan ösümlikler, süýji suw molýuskalarynyň we oňurgasyz haýwanlaryň galyndylary hem tapyldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews