Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen duşuşdy

SalamNews

Ozal habar berşimiz ýaly, 4-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen duşuşdy.

Mohamed Said Mohamed Al-Ariki Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň tutuş dünýäde belent abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly we ýokary depginde ösmegini üpjün etdi. Türkmen tarapy gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — daşary ýurt döwletleri hem-de oňyn iş tejribesine we innowasion işläp taýýarlamalara eýe bolan aýry-aýry kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ygtybarly, berk kanunçylyk binýadynyň we amatly maýa goýum ýagdaýynyň daşary ýurtly işewürleriň geljegi uly türkmen bazarynda üstünlikli işlemekleri üçin ähli şertleri döredýändigini belläp, Birleşen Arap Emirliklerine şu gezekki saparyň barşynda geljegi uly ugurlaryň ençemesi boýunça özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly şertleriň dörediljekdigine ynam bildirdi. Söwda-ykdysady, bank-maliýe, ýangyç-energetika ulgamlary türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, mawy ýangyjyň uly ýataklaryny özleşdirmek we öz energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan «ýaşyl» energetikany ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmak babatda taslamalary ilerletmäge gönükdirilen yzygiderli çäreleri amala aşyrýar. Ulag-kommunikasiýa ulgamy hyzmatdaşlygyň beýleki bir geljegi uly ugry hasaplanýar. Türkmenistan bu ulgamy milli bähbitlerini hem-de çäk taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, okgunly ösdürýär.

Mohamed Said Mohamed Al-Ariki duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine şu saparyň çäklerinde geçiriljek, türkmen-emirlikler ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek duşuşyklaryň netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews