Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

SalamNews

2 Noýabr, 2023

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we gurluşygy alnyp barylýan metjidiň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

...Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen täze şäheriň metjidiniň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşyladylar.

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilendigini, bu ýerleriň howa gurşawynyň ýakymlydygyny belläp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň hem ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulyp gurulmalydygyny, şäheriň ekologik derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary, dünýäniň ösen tejribesi işjeň ulanylmalydyr.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Arkadag şäheriniň täze metjidiniň gurluşygynda ulanylýan serişdeler hem-de onuň bezeg işleriniň özboluşly aýratynlyklaryna degişli taslamalar bilen tanyşdy.

Gurluşygyna badalga berlen metjidiň umumy meýdany 12,9 gektara barabar bolup, onuň gurluşygynda häzirki zamanyň iň täze usullary we ösen tejribesi işjeň ulanylýar.

Hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde dürli ugurlarda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, her bir desganyň täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine zerur üns bermelidigini tabşyrdy. Munuň özi amatlylyk, oňaýlylyk bilen bir hatarda, binalaryň bezeg babatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmegini şertlendirýär.

Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary görkezildi. Olaryň hatarynda täze şäheriň «Saglyk» seýilgähiniň şekil taslamasy, täze seýilgähiň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän baglaryň görnüşleri, seýilgähiň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri, suw çüwdürimlerine degişli taslamalar bar. Mundan başga-da, bu ýerde Arkadag şäheriniň Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasynyň, muzeý binasynyň, saglyk öýüniň, Awtotoplumyň we bellige alyş nokadynyň, demir ýol menziliniň, Ýangyna garşy göreş gullugynyň, söwda we hyzmat ediş toplumynyň, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, «Arkadag» futbol toparynyň ýörite nyşanlarynyň teklip edilýän görnüşleri görkezildi.

Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şunda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegi, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagy möhüm talap bolup durýar. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň talabalaýyk bolmagynyň wajyp şertini emele getirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol topary üçin niýetlenen nyşanlaryň görnüşleri bilen tanşyp, olarda milli sportuň ösdürilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň ýokary netijeli sporta çekilmeginde, türkmen futbolynyň ösüşiň ýokary derejesine çykmagynda ähmiýeti bolan many-mazmunyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Bu nyşanlar türkmen türgenleriniň buýsanjyna öwrülmelidir.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Germaniýanyň ýurdumyzda saparda bolýan öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hem gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanda görýändigine şatdygyny aýdyp, soňky ýyllarda türkmen-german gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.

GFR-iň «Edison Teсhnologies» kompaniýasynyň baş direktoryndan, «Teamtechniсk» kompaniýasynyň satuw boýunça wise-prezidentinden, «Reifenhäuser» kompaniýasynyň satuw boýunça menejerinden ybarat toparyň wekilleri ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda bolmagyň we türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işi ugrunda zerur şertleriň üpjün edilen ýurdunda amala aşyrylýan özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilendigini, bu babatda degişli kanunçylyk binýadynyň berkidilendigini aýtdy. 2030-njy ýyla çenli ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamada Türkmenistanyň dürli künjeklerinde senagat toplumlarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilendigini belläp, Milli Liderimiz germaniýaly hyzmatdaşlaryň bu ugurda işlenip taýýarlanylan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşyp biljekdiklerini aýtdy.

Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça önümçilik toplumlarynyň gurulmagy meýilleşdirildi. Munuň özi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, şol bir wagtyň özünde, gündelik sarp edilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmak, hyzmatlar ulgamyny gowulandyrmak üçin işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün eder.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz özüniň şu ýyl iş sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynda bolup, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegi, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy ösüşiň täze derejesine çykarmak babatda meseleler boýunça ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi. Munuň özi türkmen-german gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn esasda ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Myhmanlar Germaniýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň 20-ä golaýyny özünde jemleýän konsorsiuma wekilçilik edýändiklerini aýdyp, Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar we Arkadag şäherinde bina ediljek lukmançylyk serişdelerini öndürýän toplumyň gurluşygyna gatnaşmagyň özleri üçin uly hormat boljakdygyny bellediler. Şeýle hem iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlary üçin hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçilikleri barada aýtdylar.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň gurluşygynda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň yzygiderli we üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň esasynda iň döwrebap «akylly» şäheriň kemala gelendigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda dürli ulgamlary öz içine alýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigine kanagatlanma bildirildi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hemmelere uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews