Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň futbol klubynyň sport lybaslarynyň görnüşlerine baha berdi

SalamNews

10 Dekabr, 2023

9-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäheri boýunça iş sapary amala aşyrmagyň dowamynda Arkadag şäheriniň futbol klubynyň türgenleri üçin niýetlenen sport lybaslarynyň görnüşleri görkezildi.

Lybaslaryň ýakymlylyk derejesi, olaryň taýýarlanylyşy häzirki zaman görkezijilerine doly laýyk gelmelidir. Şunda sport lybaslarynyň reňk taýdan sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde lybaslaryň ýazgylary, olara ornaşdyrylýan şekiller many taýdan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna doly kybap gelmelidir.

Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň futbol toparynyň sport lybaslarynyň taýýarlanylyşynyň ýokary derejede bolmalydygyny aýdyp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews