Täze halkara ýük howa gatnawy ýola goýuldy

SalamNews

2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmen-gruzin ilçihanalarynyň ýakyndan ýardam bermeginde, Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasynyň howa gämisi Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Bu awiakompaniýa häzirki wagtda Tbilisi (Gruziýa) – Çžençjou (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Saragosa (Ispaniýa) – Tbilisi (Gruziýa) ugurlary boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyrýar. Türkmenistan Gruziýa bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle-de Aziýa, Kawkaz we Ýewropa ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplaýar.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde, täze halkara ýük howa gatnawynyň açylmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegine uly itergi berer. Şeýlelikde, Türkmenistan Gruziýa bilen ýük howa gatnawlaryny ýola goýup, Kawkaz, Aziýa we Ýewropa ýurtlary ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýär. Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasy ýolbaşçylary bilen onlaýn görnüşinde nobatdaky duşuşygyny geçirdi.

Duşuşykda Gruziýa bilen Aziýanyň we Ýewropanyň şäherlerini birleşdirjek Türkmenabadyň Halkara howa menzili üstaşyr nokat hökmünde ulanylyp, ilkinji nobatda onuň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ýagny Aziýany we Ýewropany birikdirýän howa ýollary, demir ýol we awtoulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi bilen şertlendirýändigi bellenildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews