Türkmenistanyň raýatlary has ýeňil şertlerde Malaýziýada bolup bilerler

SalamNews

21 Dekabr, 2023

Bilşimiz ýaly, Malaýziýa möhleti 90 günden geçmeýän syýahatçylyk üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan wiza talap edilmeýär. Adatça, daşary ýurtlular, şol sanda türkmenistanlylar hem Malaýziýa girmek üçin serhet nokadynda anketa doldurmaly bolýardylar. Bu bolsa olaryň kän wagtyny alýardy. Indi bolsa Malaýziýanyň hökümeti daşary döwletleriň raýatlarynyň ýurda giriş düzgünlerini üýtgetmek kararyna geldi.

Şeýlelikde, 1-nji ýanwardan başlap Malaýziýa girmek üçin «sanly kart» ýeterlik bolar. Ony almak üçin, syýahatyňyzdan üç gün öň Malaýziýanyň Migrasiýa gullugynyň resmi sahypasy boýunça hödürlenen maglumaty doldurmaly. Bu işiň ähli tapgyryny onlaýn görnüşinde ýerine ýetirip bolar.

Onlaýn kartda familiýaňyzy, adyňyzy, ataňyzyň adyny, doglan senäňizi, raýatlygyňyzy, elektron poçtaňyzyň salgysyny, pasport belgiňizi hem-de özüňiz we syýahatyňyz hakynda beýleki maglumatlaryň birnäçesini bellemek ýeterlik.

Syýahata başlamazdan öň karty kagyza çap etmek zerur bolup durýar. Ol ýurda gelen wagtyňyz barlanar (daşary ýurtlara gitmäge ygtyýar berýän pasportyňyz bilen bilelikde). Hökümet täze düzgüniň gözegçilikdäki nobaty azaltjakdygyna bil baglaýar. Daşary ýurtlylar bolsa Malaýziýa syýahat etmek üçin ajaýyp mümkinçiliklere eýe bolarlar.  

Serhetden geçilende syýahatçylaryň reminamalaryna möhür goýular. Girişden soň wiza tölegi ýok we pasporta bellik edilmeýär. Anketany şu salgy boýunça dolduryp bilersiňiz. Şeýle hem görkezilen salgydan Malaýziýa girmek barada goşmaça maglumatlary tapyp bilersiňiz. Ýeri gelende bellesek, wizasyz girmek üçin yzyňyza dolanmak boýunça alan petegiňiziň ýanyňyzda bolmagy zerurdyr.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews