Döwlet migrasiýa gullugy Awazada dynç almak isleýänler üçin onlaýn hasaba alyş hyzmatyny ýola goýdy

SalamNews

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy şu ýyl «Awaza» dynç alyş zolagynda dynç almak isleýänler üçin onlaýn rugsatnama almak hyzmatyny ýola goýdy. Gullugyň resmi web-saýtynda bellenişi ýaly, bu hyzmat raýatlaryň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna barmasyz, oturan ýerinde we wagtlaryny tygşytlamak maksady bilen ýola goýuldy.

Ozal habar berlişi ýaly, Awazada dynç alyş möwsümi 15-nji maýdan 1-nji sentýabr aralygynda dowam edýär. Bu möwsümde dynç almak isleýän raýatlar degişli edaralardan ýollanma hatyny alanlaryndan soňra, gullugyň resmi web-saýtyndaky «Onlaýn hyzmatlar» bölüminde «Awaza» dynç alyş zolagyna gitmek çäklendirilýän döwür üçin elektron rugsatnama resmileşdirmek» hyzmatyna basmalydyr.

Ulanyjy ol ýerde özi üçin «Şahsy otagy» döredenden soň, rugsatnama almak üçin «Şahsy maglumatlar» düwmesine basyp, ol ýere pasportyň, ýollanma hatynyň we sanjym güwänamasynyň elektron nusgalary ýüklenýär.

Awazada dynç aljak seneleriňiz, ýerleşjek myhmanhanaňyz baradaky maglumatlar girizilenden soňra, bu maglumatlar Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan seljerilýär. Awazada dynç almak üçin ýüztutmanyň jogaby bolsa, gullugyň web-saýtynda döreden «Şahsy otagyňyza» we bellän telefon belgiňize SMS habarnamasy arkaly habar berilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews