28-nji noýabryň täleýnamasy

SalamNews

Hamal  (21.03 — 20.04)

Günüň dowamynda ýüze çykjak islendik zady ýönekeýleşdirmäge çalşyň. Sadalyk bilen siz köp meseläňizi çözersiňiz, adamlaryň goldawyny gazanyp bilersiňiz. Onsoňam, sada bolup bilmeýän bolsaňyz, sadasyraň.

Sowur (21.04 — 20.05)

Şu gün käbir adamlary göresiňiz gelip biler. Oňa seretmezden, özüňize erk etmäge çalşyň hem-de bar ünsüňizi işiňizde jemläň.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Säher bilen ajyja kofe içiň. Iň gowy görýän eşigiňizi geýiň. Duşenbe gününi şähdaçyklyk bilen başlasaňyz, hepdäni hem şeýle geçirersiňiz.

Seretan (22.06 — 22.07)

Oýanan pursatyňyzdan çylşyrymly meseleleri çözmäge taýýar boluň. Iş ýeriňizde hem ünsüňizi öňüňizde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdiriň.

Eset  (23.07 — 23.08)

Ruhuňyzy belent tutmaga çalşyň. Tankydy bellikler, adamlaryň size bolan garaýşy sussuňyzy pes etmeli däldir.

Sünbüle  (24.08 — 23.09) 

Şu gün siziň pikirleriňiziň we garaýyşlaryňyzyň diňlenýän günüdir. Şonuň üçin hem öňden bäri göz öňünde saklaýan teklipleriňiz we işleriňiz bar bolsa, olary aýtmakdan saklanmaň.

Mizan  (24.09 — 23.10)

Mizanlar üçin hiç bir zat, hiç bir mesele päsgelçilik döredip bilmez. Ähli wezipeler üstünlikli çözülip gider. Sussupes bolmaň.

Akrap (24.10 — 22.11)

Işe ýeňil girişmek üçin, ilki bilen, işdeş ýoldaşlaryňyz bilen gürleşmek, umumy mowzuklar boýunça pikir alyşmak maslahat berilýär.

Kowus  (23.11 — 21.12)

Şu gün işiňizi ýylgyryş bilen ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Işiňizi söýüň, ondan lezzet alyň. Şeýle etseňiz, üstünlik gazanyp bilersiňiz.

Jedi (22.12 — 20.01)

Ir bilen iň kyn işleri ýerine ýetiriň. Durmuşyňyza täzelik girizmekden saklanmaň. Üýtgeşmeler siziň durmuşyňyzy kadalaşdyryp biler.

Daluw (21.01 — 20.02)

Hiç bir gürrüňdeşlikden gaçmaň. Olaryň ählisiniň size peýdasy deger. Tersine, adamlaryň tejribesini öwreniň. Edýän işlerine üns beriň.

Hut (21.02 —20.03)

Adamlar bilen maslahatlaşyň. Gürleşiň. Islendik kynçylyk döredýän işde tejribeli işdeşiňizden maslahat soraň.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews