«Google»-yň ilkinji «akylly» sagady köpçülige ýetiriler

SalamNews

«Wear OS» bilen birlikde «Google»-yň ilkinji «akylly» sagadyny çykarmagy meýilleşdirýändigi barada eýýäm birnäçe ýyl bäri aýdylyp gelinýär. «Google»-yň tehnologiýa dünýäsinde täze üýtgeşme boljak ilkinji «akylly» sagady indi tiz wagtda öz muşdaklaryna ýetiriler. «Pixel Watch» diýlip atlandyryljak bu enjam, «Google»-yň ilkinji «akylly» sagady bolmak bilen, hemmeleriň ünsüni çekýär.

Häzirki wagtda sagadyň synag hökmünde ilkinji görnüşleri çykaryldy. Oňa öň tarapdan seredeniňde, enjamda gerdejige meňzeýän düwmäni görmek bolýar. Ol soňky ulanan programmaňyza çalt geçmek üçin diňe ýokarky düwmäni iki gezek basmalydygyny görkezýär.

Aşaky gapak görnüşindäki kümüş depäniň aşagynda mikrofon we altimetr (gan basyşyňy ölçeýji) bellijek bar. Enjamyň arka tarapynda ýürek urşuny ölçeýji we beýleki saglyk funksiýalary bilen baglanyşykly bölümler bar. Sagadyň ýokarsy bolsa «Apple Watch»-a çalym edýär.

«Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýlişi ýaly, «Pixel Watch»-yň ýene-de nähili amatlyklarynyň bardygyny anyk bilmek üçin, onuň ýurdumyzda satuwa çykarylmagyna garaşaýmak galýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews