Ýene bir ýyldyz Saud Arabystanyna transfer boldy

SalamNews

5 Iyul, 2023

Saud Arabystanynyň çempionatyna goşulýan ýyldyzlaryň sany gün saýyn artýar. Çempionatyň öňdebaryjy 5 toparynyň biri hasaplanýan «Al-Ahli» kluby «Çelsiniň» derwezeçisi Eduar Mendiden soň (16 million funt sterlinge transfer edilipdi), «Premier Ligadan» başga bir oýunçyny hem düzümine goşdy.

Jidda şäheriniň wekili «Liwerpul» bilen şertnamasy tamamlanan braziliýaly hüjümçi Roberto Firminony transfer etdi. 31 ýaşyndaky hüjümçi arap kluby bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Braziliýanyň «Figueirense» toparynda futbola başlan Firmino 2011 — 2015-nji ýyllar aralygynda Germaniýanyň «Hoffenhaým» klubunda çykyş edipdi. 2015-nji ýyldan bäri hem «Liwerpulda» çykyş edip gelýän ýyldyz oýunçy iňlis klubunda 362 oýunda 111 gol geçirdi. Onuň Braziliýanyň ýygyndysynda-da 55 oýunda 17 goly bar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews