«Gök Bakjanyň» ümzügi öňe: ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda polipropilen haltalary ýerlemek boýunça uly ösüş gazanyldy

SalamNews

Ýokary hilli polipropilen haltalaryň birnäçe görnüşini öndürýän «Gök Bakja» hususy kärhanasy önümçiligini giňeltmek ugrundaky işlerini has-da kämilleşdirýär. Şeýlelikde, bu ýerde ajaýyp netijeler gazanylýar. Şeýle netijeleriň biri hem kärhananyň önümlerini ýerlemek boýunça gazanylan ajaýyp üstünlik bilen baglydyr. «Gök Bakja» hususy kärhanasynyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerlenen önümleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, has hem artdyrylyp, bu ugurda uly ösüş gazanyldy. Kärhananyň önümleriniň uly bölegi daşary döwletlere eksport edilip, nobatdaky ösüş hem ýokary hilli haltalary hem-de haltalyk matalary Russiýa Federasiýasyna ýollamak işiniň has-da giňeldilmeginiň miwesidir.

2022-nji ýylyň dekabr aýynda esaslandyrylan hususy kärhananyň ümzügi öňe. Bu hakykat onuň diňe ak haltalaryna däl, eýsem, reňksiz hem-de ýaşyl reňkli haltalaryna islegiň yzygiderli artmagynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Munuň özi «Gök Bakjanyň» önümlerine isleg bildirýän müşderileriň hem sanynyň köpelýändiginden nyşandyr.

Ýeri gelende bellesek, Häzirki wagtda hususy kärhananyň önümleriniň ýüzlerçe tonnasy Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana, Belarusa, Owganystana hem-de Türkiýä eksport edilýär. Munuň özi ýokary hilli önümlere halkara giňişliginde bildirilýän uly islegi görkezýär.

«Gök bakja» hususy kärhanasy halkara eksport hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegi meýilleşdirýär.

Kärhana sargytlar esasynda hem işleri alyp barýar. Buýurmalardyr sargytlary etmek üçin kärhananyň görkezilen aragatnaşyk ulgamlaryndan peýdalanyp bilersiňiz:

Web saýty: gokbakja.com.tm

Telefon belgileri: +993 64 41-95-55, +993 64 41-94-44, +993 63 72-12-42, +993 65 15-57-77

Iş telefony: +993 12 29-35-55, Faks: +993 12 29-34-44.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews