«Merwiň» baş tälimçisi W.Alikperow: Biz şowly duşuşyk geçirmäge çalşarys

SalamNews

4 Oktýabr, 2023

Ertir — 5-nji oktýabrda türkmen topary «Merw» AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» klubuny kabul eder. Şu günki metbugat maslahatynda bu toparlaryň wekilleri nobatdaky duşuşykdan garaşýan netijeleri baradaky pikirlerini paýlaşdylar.

«Merwiň» baş tälimçisi Witaliý Alikperow bu barada şeýle belledi:

— Agyr duşuşyklaryň ikisinden — Türkmenistanyň Kubogynda «Ahal», çempionatda bolsa «Altyn Asyr» bilen geçirilen oýunlardan soň topar ertirki möhüm duşuşyga taýýarlanýar.

AFK-nyň Kubogyndaky ilkinji iki duşuşyk diýseň dartgynly geçdi. Muňa garamazdan, biz toparçadaky tapgyra çykmagy başardyk. Men ertirki duşuşykda hem toparyň örän gowy oýny bilen futbol meýdanynyň her bir metri üçin dartgynky göreşe girjekdigine umyt edýärin. Biz şowly duşuşyk geçirmäge çalşarys. Elbetde, oglanlaryň tolgunýandyklaryny gizläp durmaýyn. Olar şu ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýändiklerine garamazdan, ähli kynçylyklary ýeňip geçerler.

Baş tälimçi «Abdyş-Atanyň» oýnuny içgin öwrenendiklerini hem belledi. Mundan başga-da, ol Gyrgyz Respublikasynyň toparynyň asly Marydan bolan oýunçysy Teýmur Çaryýewiň oýny hakyndaky pikirini hem beýan etdi.

— Elbetde, Teýmur — biziň mekdebimizden çykan oýunçy. Biz onuň mümkinçiliklerini — haýsy orunda we nähili çykyş edýändigini bilýäris. Onuň oýnuny gözegçilikde saklajakdygymyz şübhesiz. Emma biziň üns merkezimizde diňe Teýmuryň oýny bolmaz. Garşydaş toparda başga-da güýçli futbolçylar bar. Biz olaryň oýnuny ýene bir gezek seljereris we degişli çäreleri geçireris. Galanyny bolsa oýunda göreris — diýip, «Merwiň» baş tälimçisi sözüni jemledi.   

Duşuşyk ertir — 5-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen 17:00-da başlanar. Oýun «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews