Hindistanda Aýazbabanyň gum heýkeli döredildi

SalamNews

28 Dekabr, 2023

Dünýä belli çäge suratkeşi Sudarsan Pattnaik Puri kenarynda Aýazbabanyň iň uly gum heýkelini döretdi. «BELTA» muny Hindistanyň «The Hindustan Times» gazetine salgylanyp habar berýär.  

Aýazbabanyň çäge heýkeli Täze ýyl baýramyny bellemek üçin gum we gyzyl soganlardan ýasaldy. Onuň uzynlygy 30,5 m, beýikligi 6 m. Gurluşy döretmek üçin iki tonna sogan ulanyldy. Sudarsanyň ýolbaşçylygyndaky 32 okuwçydan ybarat topar bu ägirt uly heýkeli döretmek üçin sekiz gün işledi.

Aýazbabanyň gapdalyndaky gumda «Täze ýylyňyz gutly bolsun» diýen ýazgy, şeýle hem adamlaryň bagyň zerurlygyna ünsi çekmegi maksat edinýän «Ösümlik ekiň, ýeri ýaşyl dona büräň» diýen habar bar. Sudarsan Pattnaik bu habaryň dünýäde has köp agaç ekmek üçin «Ýaşyl duýduryş» berjekdigini nygtady.

Bu Aýazbabanyň Hindistanda gurulmagy onuň dünýä rekordlar kitabyna girmegine getirdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews