Türkmenistanyň Baş konsuly Stambulyň Gubernatory bilen duşuşdy

SalamNews

15-nji ýanwarda Stambulyň welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Muhammetnur Öwezow bilen Stambulyň Gubernatory Dawut Güliň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň şäherleriniň arasynda doganlaşan gatnaşyklary ýola goýmak, şol sanda Arkadag we Stambul şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Bulardan başgada, söhbetdeşler Stambulda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler bilen bilelikde geçiriljek dürli medeni çäreleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen diplomaty ýurdumyzda doganlyk halklaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny has-da ilerletmäge aýratyn üns berilýändigini hem nygtady, şeýle hem duşuşygyň dowamynda M.Owezow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy babatda hem pikir alyşyldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews