Halkara kuraş assosiasiýasynyň Baş sekretary Mohammad Reza Nassiri Nejat Aşgabadyň dünýä çempionatyna taýýarlygyna ýokary baha berdi

SalamNews

22 Noýabr, 2023

Paýtagtymyzda badalga aljak Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda Aşgabada gelen Halkara kuraş assosiasiýasynyň Baş sekretary we tehniki direktory Mohammad Reza Nassiri Nejat türkmen paýtagtynyň abraýly sport baýramçylygyna taýýarlygyna ýokary baha berdi:

— Men çempionata görülýän taýýarlyga gözegçilik etmek maksady bilen ozal hem Türkmenistanda bolupdym we şonda bu ajaýyp ýurduň abraýly sport baýramçylygyna taýýarlyk görmek işine diýseň jogapkärli çemeleşýändigine göz ýetiripdim. Ine, bu gün bolsa bütin dünýäden iň güýçli pälwanlar dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanda jemlenýär. Aşgabada gelen myhmanlaryň ajaýyp şäheriň çempionata taýýarlygyna, ýaryşlaryň we onuň çägindäki çäreleriň guramaçylyk derejesine diýseň ýokary baha berjekdigi şübhesiz.

Bu uly sport baýramçylygynda ähli zadyň sagat ýaly hereket etmegi möhüm bolup durýar. Meýletinçileriň ählisi ýerlerinde bolup, öz işlerini dürs ýerine ýetirmelidir. Biz Türkmenistana gadam basan ilkinji pursatlarymyzdan çempionaty geçirmegiň bu ajaýyp ýurda ynanylmagynyň diýseň ýerine düşen çözgütdigine göz ýetirdik. Çünki Türkmenistanyň şeýle ajaýyp sport baýramçylyklaryny guramakdaky we geçirmekdäki toplan tejribesi bu gün dünýä çempionatynyň ýokary derejede geçirilmegini şertlendirýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews