Hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär

SalamNews

11 Dekabr, 2023

23-nji dekabrda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmagynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-19-20, 39-19-21.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews