Russiýanyň sirk artistleri Arkadag şäheriniň sirkinde çykyş etdiler

SalamNews

3 Iyul, 2023

Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Russiýanyň döwlet sirkiniň, Moskwanyň uly döwlet sirkiniň hem-de «Московский цирк Никулина на Цветном бульваре» sirkiniň artistleriniň çykyşlary boldy.

Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň 1500 tomaşaça niýetlenen tomaşa zalynda russiýaly sirk ussatlary uly şatlyk-şowhun bilen garşylandy. Sirk sungatynyň ussatlarynyň tomaşaçylara hödürlän çykyşlary žanrlarynyň baý dürlüligi bilen tapawutlandy. Hokgabaz, howa halkalaryndaky we tanap üstündäki akrobatik, žanglýor, aýydyr gaplaňlaryň ýerine ýetirmegindäki sirk çykyşlary biri-biri bilen utgaşyp, bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Ilkinji bolup Russiýanyň döwlet sirkiniň artistleriniň ýerine ýetirmegindäki şadyýan hokgabazlaryň çykyşy, hususan-da, täze sirk tomaşa zalyny çaga gülkülerine besledi. Daşary ýurtly myhmanlaryň dürli öwüşginli sirk şüweleňi türkmen tomaşaçylary üçin, aýratyn-da, tomusky dynç alyş günlerinde çagalar üçin ajaýyp sowgat boldy. Çeýe zenanlaryň we gujurly ýigitleriň howa halkalaryndaky akrobatik hereketleri özüniň täsirliligi bilen tapawutlandy. Žanglýor oýunlary, gözbagçynyň syrly hokgalary we çeper gimnastlaryň haýran galdyryjy çykyşlary bu ýere gelen tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Russiýanyň meşhur üç sirkiniň iň ussat artistleriniň çykyşlaryndan daşary, bu ýerde tälim berlip öwredilen ýabany haýwanlaryň çykyşlaryna hem giň orun berildi. «Äpet pişikler» atly gaplaňlaryň, «Aýylar ynsanyň dosty» atly tälim berlen aýylaryň çykyşlary bu ýere ýygnananlary haýran galdyrdy. «Московский цирк Никулина на Цветном бульваре» sirkiniň ussat ekwilibrleriniň darbaz çykyşlary, Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň kemerli howa gimnastynyň çykyşy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde döredilen döwrebap tehnologiýa we yşyklandyryş mümkinçilikleriniň ýerlikli peýdalanylmagy russiýaly sirk ussatlarynyň çykyşlaryna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Russiýaly sirk artistleriniň çykyşlary paýtagtymyzda ýerleşýän Döwlet atçylyk sirkinde hem guralar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews