Türkiýede «Galatasaraý» 24-nji çempionlygyny baýram etdi

SalamNews

28 Maý, 2024

Türkiýäniň çempionaty «Süper Lig»-de çempion soňky tapgyrda belli bolup, «Galatasaraý» kluby ýeňşini baýram etdi. 38-nji tapgyrda Myhmançylykda «Konýaspory» Mauro Ikardiniň (2) hem-de Berkan Kutlunyň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňen «Galatasaraý» utugyny 102-ä ýetirdi. 102 utuk çempionatyň taryhynda gazanylan iň ýokary görkezijidir.

«Fenerbahçeden» 3 utuk öňe saýlanan «Galatasaraý» bassyr 2-nji, umumylykda-da 24-nji gezek «Süper Lig»-iň çempionlygyny gazandy. 10 ýyldan bäri çempionlyk gazanyp bilmeýän «Fenerbahçe» topary soňky tapgyrda «Istanbulsporyň» derwezesinden jogapsyz 6 gol geçirse-de, olara toplan 99 utugy çempionlyk üçin ýetmedi. 37-nji tapgyrda «Galatasaraýy» myhmançylykda 1-0 ýeňen «Fenerbahçe» topary çempionlyk göreşini soňky tapgyra çenli etdirmegi başardy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews