Türkmenistanyň ýygyndy topary Bahreýn bilen deňme-deň oýnady — 1:1

SalamNews

13 Sentýabr, 2023

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Bahreýniň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk deňlikde tamamlandy.

Dubaýyň «Police Officers’ Club» stadionynda geçen duşuşykda 1:1 hasaby bellige alyndy. Bahreýnden ýarymgoragçy Mohamed Marhun (13) tapawutlansa, türkmen toparynyň goluny Teýmur Çaryýew (29) geçirdi.

Birinji ýoldaşlyk duşuşygyndan — Indoneziýanyň garşysyna geçirilen oýundan tapawutlylykda, bu gezek  ýygyndynyň derwezeçisi Resul Çaryýew («Arkadag» futbol topary), ýokary tehnika eýelik edýän Begmyrat Baýow («Arkadag» futbol topary), Teýmur Çaryýew («Abdyş-Ata» topary, Gyrgyz Respublikasy) we goragçy Wepa Jumaýew («Energetik-BDU» topary, Belarus) dagy esasy düzümde meýdana çykdy.

Mergen Orazowyň şägirtleriniň Bahreýniň garşysyna geçiren ýoldaşlyk duşuşygynyň Dünýä çemoionaty – 2026-nyň şu ýylyň noýabrynda başlanjak saýlama bölegine taýýarlygyň çäginde guralandygyny bellemelidiris. Ildeşlerimiz Eýranyň, Özbegistanyň ýygyndylary hem-de Gonkong – Butan jübütiniň ýeňijisini özünde jemlejek «E» toparçada dünýäniň iň uly futbol baýramynda çykyş etmäge ýollanma gazanmak üçin göreşer.

Türkmenistanyň ýygyndy topary saýlama tapgyryň ilkinji duşuşygyny 16-njy noýabrda Özbegistanyň ýygyndysynyň garşysyna geçirer.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews