Ýedi müň metrlik Diran gerşinden ilkinji gezek lyžaly düşdi

SalamNews

13 Iyul, 2022

Fransuz alpinisti Matýe Menadýe Karakorum dag ulgamynyň Hunza jülgesinde (Pakistan) 7266 metr belentlikde ýerleşýän Diran gerşinden ilkinji gezek lyžaly düşmegi başardy. Bu barada Fransiýanyň «Desniwel» internet neşiri habar berdi.

Matýe Menadýe bilen Leo Slemett 3700 metr belentlikde ýerleşýän esasy lagere 20-nji iýunda bardylar.

Olar, ilki bilen, birnäçe gezek dagyň belentliginiň howa ýagdaýyna uýgunlaşma çykyşlaryny amala aşyrdylar. Soňra ýaramaz howanyň durnuklaşmagyna garaşyp, 29-njy iýunda 5300 metr belentlikdäki birinji lagere çykdylar.

Amatly howa ýagdaýynyň uzaga çekmejekdigi belli bolansoň, ertesi güni Matýe Menadýe bilen Leo Slemett, öňünden hyýallanylyşy ýaly, C2 belentlikde säginmän, gönümel dag gerşine tarap ugradylar. Oňa çykmak juda çylşyrymly we agyr boldy. Leo Slemett 6940 metrden beýiklikden yzyna gaýtmaly boldy, ol belentlik keseline sezewar boldy.

Matýe Menadýe bolsa dag gerşine, takmynan, agşam sagat 18-de çykdy. Ol wagt ýitirmän dag belentliginden aşaklygyna lyžaly gaýtdy, ol muny amala aşyrmagy 15 ýyl arzuw edip gelipdi.

Matýe Menadýe Diran gerşini 15 ýyl mundan ozal ilkinji sapar görüpdi we ýerli ilatdan şol belentlikden entek lyžaly düşen adamyň ýokdugyny eşidip, ilkinji bolmagy arzuw edipdi we ahyry öz maksadyna ýetmegi başardy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews