Tahyr Ataýew «Üstünligiň formulasyny» hödürlär

SalamNews

11 Oktýabr, 2023

Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr 5 ýyllyk ýubileýini belleýär. Şu mynasybetli 29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda baýramçylyk konserti geçiriler.

«Üstünligiň formulasy» atly konsert agşamy ýaş orkestr toparyň ilkinji ýubileý konsertidir.

«Baýramçylyk dabarasynyň maksatnamasyna laýyklykda, konsertde dünýä belli ajaýyp saz eserleri ýaňlanar. Konsertde zehinli aýdymçylar hem çykyş ederler. Diňleýjiler konsert dabarasyna gelenlerinde haýsy meşhurlary çagyrandygymyzy bilerler. Edil şonuň ýaly-da hemmeler üçin garaşylmadyk sowgadymyz hem bar» - diýip guramaçylar belleýärler.

Konsert sagat 19:00-da başlanar. Bilet satyn almak üçin aşakdaky belgilere jaň edip bilersiňiz:

  • +993(62) 53-28-71;

  • 55-90-15.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews