Hemişe kämilleşmäge ukyply awtomobil taýýarlanýar

SalamNews

27 Mart, 2023

«Ford» kompaniýasynyň Baş direktory Ji Farli kompaniýanyň indiki elektropikapynyň fantastika žanrynda düşürilen kinofilmlerdäki awtomobillere meňzeş boljakdygyny beýan etdi. Maglumatlara görä, «Ýyldyz urşundaky» gahryman Han Solonyň arş gämisiniň dizaýnyna meňzeş ulag rewolýusion tehnologiýalara esaslanar.

Ulagyň «doly derejede täzelenmä we hemişelik kämilleşmäge» ukyply tehnologiýa esaslanyp taýýarlanandygy nygtalýar. Pikap şeýle tehnologiýalara esaslanan ilkinji ulaglaryň biri bolar.

Kompaniýanyň 5,6 milliard amerikan dollary möçberindäki maýasy bilen gurlan «Blue Oval City» zawodynda öndürilmegi meýilleşdirilýän ulagyň ýylda 500 000-si taýýarlanar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews