«Arkadag» topary wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy

SalamNews

4 Dekabr, 2023

«Arkadag» topary taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça ýurdumyzyň çempiony boldy. Arkadag şäheriniň topary 23-nji tapgyryň çäginde «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Altyn Asyr» toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykyp, nobatdaky çempionlygyna ýetdi. 

«Arkadag» topary duşuşygyň başyndan hüjüm futboluny görkezdi. Şeýlelikde, bu oýunda Welmyrat Ballakowyň (44-nji, 68-nji minutlar) hem-de Didar Durdyýewiň (58-nji, 60-njy minutlar) dubllary bellige alyndy.

Munuň özi häzire çenli geçiren 20 duşuşygynda 60 utuk toplan «Arkadag» toparynyň bu abraýa çempionatyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda eýe bolandygyny aýan edýär. Indi toplan 44 utugy bilen ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýän «Altyn Asyr» ýurdumyzyň wise-çempiony bolmak üçin göreşmeli bolar.

Şu möwsünden başlap ýurdumyzyň futbol çempionatynda çykyş edip ugran «Arkadag» toparynyň häzire çenli ýekeje utuk hem ýitirmän gelýändigini bellemek gerek. Biz «Arkadag» toparyny bu ajaýyp üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

 «Arkadag» – «Altyn Asyr» – 4:0

Gollar: 44, 68 Welmyrat Ballakow, 58, 60 Didar Durdyýew («Arkadag»).

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews