7-nji gezek 50 utuk geçirdi

SalamNews

22 Dekabr, 2023

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da «Filadelfiýa 76ers» öz meýdançasynda «Minnesota Timberwolwes» toparyny 127:113 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda ýeňiş gazanan klubuň ýyldyzy Joel Embiid 51 utuk geçirdi. 12 ribaund hem almagy başaran Embiid karýerasy boýunça 7-nji gezek 50 utukdan köp geçirmegiň hötdesinden geldi. Galyberse-de, Embiid yzly-yzyna 12 duşuşykda azyndan 30 utuk we 10 ribaund görkezijiler bilen çykyş etdi. Bu görkeziji Karim Abdul-Jabbaryň «Milwaki Baks» topary bilen 1971/72 möwsüminde yzly-yzyna 16 oýunlyk netijesinden soňky iň ýokary görkeziji boldy.

Şeýle-de, NBA-da «LA Klippers» myhmançylykda «Dallas Maweriks» toparyny 120:111 hasap bilen ýeňip, bassyr 9-njy duşuşygynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň ýyldyzy Kawhi Leonard 30 utuk, 10 ribaund bilen «double-double» etdi. «Dallas Maweriksde-de» Luka Donçiçiň 28 utugy ýeňşe ýetmedi.

«Çikago Bulls» öz meýdançasynda «Los Anjeles Leýkersi» 124:108, «Atlanta Hawks» topary-da myhmançylykda «Hýuston Roketsi» 134:127 hasap bilen utdy.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews