Çempionlygyň esasy dalaşgärleri 4-nji tapgyra çykdy

SalamNews

8 Iyul, 2023

Möwsümiň 3-nji «Uly tuwulga» ýaryşy «Wimbledon» tennis bäsleşigi Londonda ýokary depginde dowam edýär. 2-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlanyp, 3-nji tapgyrdan hem geçirilen oýunlar bar.

Soňky çempion Nowak Jokowiç şweýsariýaly Stan Wawrinkany 3-nji setde kynçylyk çekse-de, 3:0 (6:3, 6:1, 7:6) hasabynda ýeňip, 4-nji tapgyra çykdy. Onuň 4-nji tapgyrda garşydaşy Hubert Hurkaç bolup, ol 3-nji tapgyrda italiýaly Lorenzo Musettini 7:6, 6:4 we 6:4 hasaplar bilen ýeňdi.

Russiýaly Andreý Rublew bilen gazagystanly Aleksandr Bublik hem 4-nji tapgyra çykmagy başardy. 3-nji tapgyrda Rublew belgiýaly Dawid Goffini 3:1, Bublik bolsa germaniýaly Maksimillian Martereri 3:0 hasabynda utdy.

Şonuň ýaly kanadaly Denis Şapowalow britaniýaly Liam Brodini 3:1, russiýaly Roman Safiullin bolsa argentinaly Gida Pellany 3:0 ýeňip, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy.

Italiýaly Ýannik Sinner bilen kolumbiýaly Daniel Galan hem 4-nji tapgyra atlaryny ýazdyrdylar.

Zenanlaryň arasynda sanawyň lideri polşaly Iga Şwentek fransiýaly Petra Martiçi 6:2 we 7:5 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Belarusly Wiktoriýa Azarenka bolsa russiýaly Dariýa Kasatkinadan (6:2, 6:4), ukrainaly Elina Switolina amerikaly Sofiýa Keninden (7:6, 6:2), amerikaly Jessika Pegula italiýaly Elizabetta Koççiarettodan (6:4, 6:0) hasaplar bilen üstün çykdy.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews