Türkmenistanda energiýadan iň tygşytly peýdalanýan mekdep sylaglandy

SalamNews

2 Maý, 2024

2

2024-nji ýylyň 27-nji apreli we 3-nji maýy aralygynda Aşgabatda hem-de Türkmenbaşy şaherinde geçirilýän Durnukly energiýa günleriniň çäginde Türkmenbaşy şäherindäki umumy bilim berýän 10-njy orta mekdep «Energiýany iň köp tygşytlaýan» mekdep hökmünde Ýewropa Bileleşiginiň baýragyna mynasyp boldy.

Dabaraly çärä mekdebiň mugallymlary, okuwçylary, ata-eneler, ÝB-niň, BMGÖM-iň, Türkmenistanyň Energetika, Bilim ministrlikleriniň hem-de Türkmenbaşy şäher häkimliginiň wekilleri gatnaşdy.

«Ýewropa Bileleşiginiň bu sylagy, ozaly bilen, çagalarda tebigy serişdeleri aýawly we rejeli peýdalanmak, şeýle hem daşky gurşawy hem-de planetany söýmek başarnyklarynyň ösdürilmegi boýunça mugallymlaryň yhlasynyň ykrar edýändiginiň beýanydyr. Mekdebi, onuň mugallymlaryny we okuwçylaryny bu ajaýyp üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu maglumaty ýaýradyň we öz göreldäňiz bilen başgalary höweslendiriň! Energiýa tygşytlamagyň wajyplygy hakynda öz ýakynlaryňyz, dostlaryňyz, goňşularyňyz bilen gürrüňdeşlik geçiriň! Energiýany has netijeli peýdalanmak bilen, biz hemmeler üçin ýagty we sagdyn geljegi gurýarys» — diýip, çärede çykyş eden ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi, hanym Beata Peksa belledi.

Sylaglamak dabarasyndan soň mekdep okuwçylary üçin ekologiki çäre geçirildi. Onuň çäklerinde «Tebigat – biziň umumy öýümiz» atly giriş okuw sapagy, sport ýaryşlary we ekologiki taýdan arassa ulaglary ýaýbaňlandyrmak üçin welosipedli ýöriş, şeýle hem bag ekmek çäresi geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ekologiýasynyň gowulandyrylmagyna we parnik gazlarynyň azaldylmagyna goşant goşmak maksady bilen, çagalar we myhmanlar ýaş bag nahallaryny oturtdylar.

Bu çäre Türkmenistanyň Energetika, Bilim ministrlikleriniň we Türkmenbaşy şäher häkimliginiň goldaw bermegi bilen, «Merkezi Aziýada durnukly energiýa baglanyşyklary (SECCA)» atly taslamanyň çäklerinde, BMG-iň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» taslamasy bilen bilelikde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan geçirilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews