Ýanwar aýynda Türkmenistanyň Hytaýa eksporty 866 million dollardan gowrak boldy

SalamNews

22 Mart, 2023

Şu ýylyň ilkinji aýynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy pul möçberinde 943,8 million dollardan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwründäkiden 19,1 göterim ösdi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük dolandyryş administrasiýasy mälim edýär.

Ýanwar aýynda Türkmenistanyň Hytaýa eksport eden harytlarynyň möçberi 866,2 million dollardan gowrak bolup, geçen ýylyň birinji aýyndaky görkezijiden 20,4 göterim ösdi. Degişli döwürde Hytaý Türkmenistana umumy bahasy 77,6 million dollardan gowrak bolan harydy eksport edip, bu babatda ösüş depgini 6,4 göterime deň boldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň özara söwda dolanyşygy 11 milliard 181 amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 10 milliard 250 million amerikan dollarlygy Türkmenistandan Hytaýa iberilen tebigy gaza degişlidir.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews