B.Wolsahatow Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellendi

SalamNews

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün — 14-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Onda milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Begenç Çaryýew wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, polkownik Batyr Wolsahatow bellendi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek bu edaranyň başlygynyň orunbasary Sazakowyň üstüne ýüklendi.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews