Dzýudo: Türkmenistanyň ýygyndysy Özbegistanda geçen Aziýanyň açyk Kubogynyň 4 medalyna eýe boldy

SalamNews

Daşkendiň «Uniwersal» sport toplumynda dzýudo boýunça Uçkun Muradowyň ýadygärligine bagyşlanan ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň açyk Kubogy jemlendi.

Ýaryşa Gruziýadan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan hem-de Özbegistandan 630 töweregi türgen gatnaşdy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary dürli medallaryň dördüsine eýelik etdiler. Şolaryň biri altyn, ikisi kümüş, ýene biri bürünç medallardyr. Ýer eýeleriniň dzýudoçylarynyň — Özbegistanyň ýygyndy toparynyň agramlaryň ählisinde güýçli göreş alyp barandyklaryna hem ünsi çekmelidiris.

 «Altyn»

  • 57 kg-e çenli:
    1. Maýsa Pardaýewa (Türkmenistan);

    2. Eliza Bahodirowa (Özbegistan);
    3. Faringiz Rejepowa (Özbegistan);
    3. Bonu Awliýokulyýewa (Özbegistan).

«Kümüş»

  • 66 kg-e çenli:
    1. Muhammadhýo Muhamejonow (Özbegistan);
    2. Serdar Rahimow (Türkmenistan);
    3. Otabek Otanazarow (Özbegistan);
    3. Fazliddin Sadriddinzoda (Täjigistan).

«Bürünç»

  • 44 kg-e çenli:

    1. Laziza Haýdarowa (Özbegistan);
    2. Maksfira Roziboýewa (Özbegistan);
    3. Oguljahan Hudaýnazarowa (Türkmenistan);
    3. Ramiýahon Faýzullaýewa (Özbegistan).

«Kümüş»

  • 63 kg-e çenli:

    1. Nigina Saparboýewa (Özbegistan);
    2. Nasiba Narimanowa (Türkmenistan);
    3. Asal Karimjanowa (Özbegistan);
    3. Sabina Saforboýewa (Özbegistan).

Bu ýaryş Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary üçin ajaýyp tejribe boldy. Çünki dzýudo dünýäde uly üns berilýän sport görnüşleriniň biri hasaplanylýar we 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews