«Levi’s-iň» XIX asyra degişli jinsileri 87 müň dollara satyldy

SalamNews

24 Oktýabr, 2022

Taşlanan känden tapylan «Levi’s-iň» 1880-nji ýyllara degişli jinsileri Nýu-Meksikoda bäsleşikli söwdada 87 müň 400 dollara satyldy. «CNN» habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, jinsileriň durky abat we geýmäge ýaramly.

Gadymy jinsiler gymmat bahaly köne eşikleri toplaýjy iki sany erkek kişi tarapyndan tapylýar. Şuňa meňzeş  gadymy jinsileriň käbir nusgalary muzeýlerde saklanýan bolsa-da, olaryň hijisi-de geýmäge ýaramly däldir. Jinsileriň eýeleri jalbarlary hususy kollektora satmagy meýilleşdirýärler we tapyndylar muzeýde görkeziler diýip umyt edýärler.

Jinsileriň ýaşy matadaky «Made White» belligi arkaly kesgitlendi. Bellikden many çykarsaň, bu jinsiler 1882-nji ýylda hytaýlylaryň zähmet immigrasiýasyny çäklendirýän kanun kabul edilenden soň öndürilen bolmaly. Mundan başga-da, jinsiniň dokalan sapaklary hem tapyndynyň ýaşy barada netije çykarmaga itergi berýär.

Häzirki wagtda XIX asyra degişli bolan jinsiler Los-Anjelesde, häzirki eýesiniň dükanyndaky seýfde saklanyp, isleg bildirýänleriň hemmesine görkezilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews