Dubaýda dünýäniň iň beýik ýaşaýyş jaýy gurlar

SalamNews

30 Aprel, 2024

2

BAE-de dünýäniň iň beýik Burj Halifa söwda we işewürlik binasy ýerleşýär. Bu binanyň köp bölegini iri kompaniýalaryň ofisleri eýeleýär. Indi şeýle beýik binalar diňe söwda-işewürlik üçin däl, eýsem, ýaşamak üçin hem gurlar. BAE Dubaýda dünýäniň iň beýik ýaşaýyş jaýyny gurmagy meýilleşdirýär.

Bu taslama «Six Senses Residences Dubai Marina» diýen at berildi. Bina şäheriň merkezinden we Palma Jumeýra emeli adasyndan uzakda bolmadyk Marina etrabynda ýerleşer. Taslamanyň beýikligi 517 metre deň bolup, ABŞ-nyň Merkezi seýilgähindäki (iň beýik ýaşaýyş jaýlarynyň sebiti) Nýu-Ýork diňinden 45 metr beýik bolar. Nýu-Ýork diňinde 179 ýaşaýyş jaýy bolsa, täze binada şeýle öýleriň 251-si ýerleşdiriler.

Bu taslama «Woods Bagot», «WSP Middle East» kompaniýalary we «Six Senses» myhmanhana operatory tarapyndan işlenip düzülýär. Berlen maglumatlara esaslanyp, bina aýnadan hem-de tegelenen görnüşde bolup, dürli terrassalary we eýwanlary öz içine alar.

Habarlara görä, üç gatly we bäş otagly iň kaşaň öýleriň meýdany 1310 inedördül metre deň bolar. Binanyň ýokarky gatlarynda sport zaly, hammam, saunalar, massaž merkezleri, boks zaly, buz hammamlary, kliniki merkezler, kinoteatrlar we ses bejeriş studiýalary ýerleşdiriler.

Häzirki wagtda «Six Senses Residences Dubai Marina» taslamasynyň 25 %-i taýýarlanyldy. Maglumatlara görä, bu bina 2028-nji ýyla çenli tamamlanar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews