Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry «Biken» atly I Halkara teatr festiwalynyň kubogyna mynasyp boldy

SalamNews

9 Oktýabr, 2023

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabryndan — 4-nji oktýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Taldykurgan şäherinde Biken Rymowanyň doglan gününiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilen «Biken» atly I Halkara teatr festiwalyna gatnaşdy.

Bu festiwala Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry G.Kakabaýewiň döreden, Türkmenistanyň at gazanan artisti, režissýor H.Berdiýewiň sahnalaşdyran «Magtymguly» atly sahna oýnuny hödürledi.

Sahna oýnunda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň halkymyzyň hakydasynyň hem hakykatynyň aýnasyna öwrülen eserleriniň üsti bilen beýik söz ussadynyň döredijiliginiň adamzadyň beýik medeniýetiniň ösüşine eden täsiri çeper beýan edilýär.

Halkara festiwalyň belli sungat ussatlaryndan, teatr tankytçylaryndan hem-de alymlardan düzülen eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, Gazagystan Respublikasynyň Taldykurgan şäherinde geçirilen «Biken» atly I halkara teatr festiwalynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Handurdy Berdiýew «Iň gowy sahna oýnuny goýan režissýor» atly baýraga hem-de festiwalyň altyn medalyna, şol teatryň suratkeşi Mekan Annamyradow «Iň gowy sahna bezegi üçin» atly baýraga, teatryň döredijilik topary bolsa «Biken» atly I halkara teatr festiwalynyň kubogyna, «Biken» atly I halkara teatr festiwalynyň diplomyna, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Taldykurgan şäheriniň häkiminiň Hormat hatyna mynasyp boldular.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews