Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň reýtinginiň altynjy basgançagynda ornaşdy

SalamNews

Türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň reýtingindäki ornuny berkitdi.

Ol ýarym agyr agramdaky reýtingde bir basgançak öňe süýşdi. Döwletjan ozalky eýeleýän ýedinji basgançagyny altynjy orun bilen çalyşdy. Muny promouşeniň resmi saýty habar berdi.

Martyň birinji ýarymynda geçiren «Bellator 292» ýaryşynyň çägindäki duşuşygynda litwaly Julius Englikasy ýeňlişe sezewar etmegi türkmen türgeniniň 20-nji ýeňşi hökmünde bellige alyndy. Şeýlelikde, karýerasynda 7 ýeňlişe hem-de 1 deňlige döz gelen 33 ýaşly ildeşimiz MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça täze ýeňişlere uzaýan ýoluny ynamly dowam etdirýär.

Ýeri gelende bellesek, bu reýtingiň başyny russiýaly Wadim Nemkow çekýär. Şondan soňky orunlary ABŞ-ly türgenler Kori Anderson we Fil Dewis eýeleýärler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews