«Borussiýa Dortmund» Bellingamyň öwezini doldy

SalamNews

4 Iyul, 2023

«Bundesliganyň» çempionlygyny soňky tapgyryň soňky minutlarynda elden gideren «Borussiýa Dortmund» topary «Real Madride» ugradan esasy ýyldyzy Jud Bellingamyň öwezini doldy.

Dortmundlylar birnäçe klubuň transfer etmek islän oýunçysy Feliks Nmeçany düzümine goşdy. Nmeçanyň transferi üçin «Borussiýa» topary «Wolfsburg» toparyna 30-32 million ýewro berer. 22 ýaşyndaky germaniýaly ýarymgoragçy dortmundlylar bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. «Mançester Sitiniň» ýaşlar düzüminde futbola başlan Nmeça «Wolfsburgda» 2 möwsümde 50 oýunda 3 gezek tapawutlandy. Ilki-ilkiler Angliýanyň dürli ýaşlardaky milli ýygyndysynda oýnan Nmeça soňlugy bilen Germaniýanyň ýygyndysyny saýlady. Kakasy nigeriýaly, ejesi germaniýaly bolan Nmeça täze klubunda 8-nji belgili köýnekçäni geýer.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews