Türkmen we özbek kinematograflary bilelikde Magtymguly Pyragy hakynda film surata düşürerler

SalamNews

30 Mart, 2023

29-njy martda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ý.Mämmedowyň Özbegistan Respublikasynyň Kinematografiýa agentliginiň direktorynyň orunbasary Ş.Rizaýew bilen duşuşygynda taraplar kinematografiýa ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada özara pikir alyşdylar. Onda 2024-nji ýylda beýik türkmen pelsepeçi şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli şahyryň ömri we döredijiligi, Hywada we Buharada okan, ýaşan döwürleri barada bilelikdäki dokumental we çeper filmleri surata düşürmegiň mümkinçilikleri öwrenildi.

Mundan başga-da, duşuşykda türkmen tarapy «Arkadag» şäheriniň gurluşyk aýratynlyklary barada gürrüň berip, bu şäheriň ýakyn wagtlarda açylyş dabarasynyň boljakdygyny habar berdi. Şeýle hem ol özbek tarapyny bu dabaraly çärä hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşykdan soň, özbek tarapy türkmen wekiliýetini «Özbekfilm» kinokonserniniň binasy we onuň çäklerindäki kino studiolary bilen tanyşdyrdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews