Doktorantura kabul etmegiň tertibi: gerekli resminamalar

SalamNews

16 Ýanwar, 2024

Doktorantura ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi we doktorlyk dissertasiýasynyň üçden iki böleginiň ýerine ýetirilendigi barada şol ylmy ugurdan işleri alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň güwänamasy, şeýle hem şol geňeş tarapyndan berlen hödürnamasy bolan şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Doktoranturada okuwyň möhleti üç ýyl.

Doktorantura girýän adamlar doktorantura döredilen edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza bilen ýüz tutýarlar we şu resminamalary goşup berýärler:

— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;

— terjimehal;

— № 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;

— 4х6 sm ölçegdäki 3 sany foto surat;

— ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy;

— zähmet depderçesiniň nusgasy;

— neşir eden ylmy işleriniň, oýlap tapyşlarynyň, patentleriniň sanawy we nusgalary, ýerine ýetiren ylmy-barlaglary hem-de işläp taýýarlamalary hakyndaky hasabatlarynyň sanawy;

— üç ýylyň dowamynda tamamlamak göz öňünde tutulýan doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamagyň meýilnamasy;

— dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň doktorlyk dissertasiýasynyň 2/3 böleginiň taýýardygy hakyndaky güwänamasy;

— dissertasiýanyň temasynyň ylmy ugry boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň hödürnamasy;

— dissertasiýanyň temasynyň ylmy ugry boýunça ylmy barlaglary geçirýän iki sany ylymlaryň doktorynyň syny, olarda temanyň ylmy esaslandyrmasyna we derwaýyslygyna hem-de dissertasiýany taýýarlamagyň hödürlenýän meýilnamasyna baha berilmelidir, şeýle-de üç ýylyň dowamynda ony ýerine ýetirmegiň mümkinçiligi görkezilmelidir.

Doktorantura girýänler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi hakynda diplomynyň we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgalaryny getirip görkezmelidirler.

Maglumat hökmünde bellesek, aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige girmek üçin arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 28-nji fewralyna çenli kabul edilýär.

Aspirantura kabul etmek üçin giriş synaglary, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak boýunça çäreler 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan 25-nji martyna çenli geçirilýär.

Aspirantura, doktorantura kabul etmek we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinden amala aşyrylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews