Halkara festiwala gatnaşjak ýerli we daşary ýurtly myhmanlara Awaza geldiler

SalamNews

12 Iýun, 2023

13 — 16-njy iýunda geçiriljek «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşjak ýerli we daşary ýurtly myhmanlar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna geldiler.

Myhmanlar milli däplerimize görä, güler ýüz bilen duz-çörekli garşy alyndy. Olar gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän döwrebap otellere ýerleşdiler.

Myhmanhanalarda myhmanlaryň rahat dynç almaklary, festiwala taýýarlanmaklary üçin ähli şertler döredilipdir. 

Ozal habar berşimiz ýaly, Hazar deňziniň kenaryndaky interaktiw suw çüwdürimli seýilgähinde geçirilýän bu halkara festiwala Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Rumyniýadan, Eýrandan, Hindistandan hem-de Hytaýdan folklor-tans toparlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews